tütetmek işlik

  1. Ýakyp bilmän, ýakman tüsseletmek, tütün etmek.

    • Elmydama ot ýakardyk tütedip, Taýýar etjek bolsak çaýy, nahary. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Örän gaty gynandyrmak, jibrindirmek.

  3. Göçme manyda Ýiti täsir etmek, güýji burnuňa urmak.

    • Gory ýeten düýe çaly Artygyň gaňşyrawugyny tütetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýakymly bir ys Begenjiň burnuna urup, onuň gaňşyrawugyny tütedýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tütetmek - tütedýär, tüteder, tütedipdir.