tüketmek işlik

  1. Sarp etmek, harçlamak, ýoklamak.

    • Daýzam sygyr ýagyny tükedipdir.

  2. Gutarmak, soňlamak, tamamlamak.

    • Aý, eje jan, besdir-le! Tüketsene! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tüketmek - tükedýär, tükeder, tükedipdir.