tükenmek işlik

  1. Sarp bolmak, harçlanmak, ýoklanmak.

    • Tükenmez hazynam bolandan, uýalmaz ýüzüm bolsun. (nakyl)

  2. Gutarmak, soňlanmak, tamamlanmak (iş we ş. m. hakda).

    • Kejeleşmäniň we jedeliň yzy tükenmeýärdi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Seniň bu derňewiň hiç yzy tükenmedi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)