tüňçe

Çaý gaýnadylýan jüründiksiz, gulply gap.

  • Demini alan çaýly mis tüňçäni öwezmyradyň öňünde goýdular. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ol tüňçesini suwdan dolduryp, ojakda goýdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

tüňçe oturtmak

Çaý goýmak, çaý gaýnatmak.


Duş gelýän formalary
  • tüňçede
  • tüňçeden
  • tüňçedäki
  • tüňçeler
  • tüňçelerem
  • tüňçeleri
  • tüňçeleriň
  • tüňçesi
  • tüňçesinde
  • tüňçesini
  • tüňçesiniň
  • tüňçä
  • tüňçäni
  • tüňçäniň
  • tüňçäň