Bulaşygyny açmak, saýylan ýaly etmek, ýolmalamak (pagta, ýüň hakynda).
Aýallarymyz bolsa uzak gijesi bilen oturip, baýlaryň çüprek ýüňlerini tüýderdiler, ondan haly, gulaç, dolak dokaýardylar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Ýorgana salmak üçin ýygnap ýören ýarym halta çöprek ýüňüni tüýdüp çykdy, ony saýdy, ýorganyna salaýmaly etdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Geýip köneltmek, ýyrtmak, ýolmalamak.
Durdugyça golaý gelýär ýigide, Geýmin çöp tüýdüpdir meňzedip ýüňe. (Çary Aşyr, Poemalar)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar. Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tüýtmek - tüýtmekdüm, tüýtmekdüň, tüýdýär.