tüýs tüýs 1 at

  1. Görnüş, keşp, sypat, reňk, ýüz.

    • Garaýagyz tüýsi-de bir hili gyzaryp gitdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Gylyk-häsiýet, boluş.

    • Ol bütinleý öňki tüýsüni ýitiripdir. Kuhnýadan tüýsüni üýtgedip çykan Aýgül onuň zähresini ýardy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem tüýs - tüýsüm, tüýsüň.

tüýs tüýs 2

Hakyky, hakykatdan, baryp ýatan, edil, hut.

  • Begenç tüýs şöhrata zerýän bir ýigit. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Özi hem köpçülik işlerine tüýs berlen adam. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  • Ol suw astynda ýüzüp bilýän bolsa, tüýs edermen boldugy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Sözleýär: -Ýoldaş! -- diýip, tüýs adam ýaly. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem tüýs - tüýsüm, tüýsüň.


Duş gelýän formalary
  • tüýsde
  • tüýsdedigini
  • tüýsdäki
  • tüýse
  • tüýsi
  • tüýsi-de
  • tüýsler
  • tüýslere
  • tüýsleri
  • tüýslerini
  • tüýsleriniň
  • tüýsleriň
  • tüýsli
  • tüýsünde
  • tüýsüne
  • tüýsüni
  • tüýsüniň
  • tüýsüň