tüýdük

Sazçylyga degişli Gamyşdan we ş. m. ýasalan saz guraly.

  • Çopanyň tüýdüginiň owazyny diňlemek örän hezildi. («Pioner» žurnaly)

  • Oglanlar tä punkta barýançalar, tüýdük çalyp, aýdym aýdyşyp bardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tüýdük - tüýdügi.

dilli tüýdük

Gamyşdan dil açyp çalynýan saz guraly.

gargy tüýdük

Gargy ýedi deşik deşilip ýasalýan, üflenip çalynýan saz guraly.