tüý

  1. Adamlaryň we käbir haýwanyň bedenine çykýan gyl.

    • Onuň tüýi ösgün gara telpegi elmydama başyndady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Saç.

    • Kel aga, başyňa tüý çykarmyka? ! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Soňky ýylyň içinde onuň kellesinde gara tüý azaldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem tüý - tüýüm, tüýüň.

tüýi eýmenmezlik

Birinden çekinmezlik, gorkmazlyk.

  • Onuň tüýi eýmenmän, mertlik bilen beren jogabyna geň galyp tisgindi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)