töwerek

  1. Matematikada: her bir nokady merkezden deň daşlykda bolan birleşen egri çyzyk, tegelek.

    • Töwerek boýunça deňölçegli hereket. («Fizika» kursy)

  2. Biriniň ýa-da bir zadyň daşyny gurşap alan giňişlik, ýakyndaky ýerler, daş-töwerek.

    • Gurt bir wagt gözüni açyp görse, töwereginde oturan öz ýoldaşlaryna gözi düşdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Töweregiňe heý gözüňi aýlaýarmyň obada heý senden başga işlemeýän barmy?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Biz mekdebimiziň töweregine her hili miweli agaçlar ekdik.

  3. Çen bilen, takmynan.

    • Bu oturanlaryň ikinjisiniň kyrkyň töweregi ýaşy bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Men ony sagat bäşiň töwereginde mekdepde gördüm.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem töwerek - töweregi.