täze sypat

  1. Heniz geýilmedik, ulanylmadyk, el degmedik.

  2. Ilkinji gezek ýüze çykan, peýda bolan, dörän.

    • Çagalara täze aýdymlar öwredilýär. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Täze küýzäň suwy sowuk. (nakyl)

  3. Ýaňy-ýakynda bolan, häzirki wagta degişli bolan.

    • Güýzüň salkyn hawasynda täze açylan güller aýratyn owadanlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. («Bahar»)

  4. Doly suratda tanyş bolmadyk, ýaňy gelen.

    • Ol şindi täze işgär.