Adam bedeninde bolýan garagoňur reňkli hal.
Hartäjiň, ak ýüzüniň gyzaryp duran ýaňaklarynyň sagynda täç bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Häkimlik simwoly hökmünde monarhyň geýýän bezegli baş geýimi.
Ol täç geýjek gününi hem çendan hyýalyna getirýärdi. (Aýbek, Nowaýy)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem täç - täjim, täjiň.