syzylmak işlik

  1. Kem-kemden geçip akmak, süzüp çykmak (suwuklyk hakda).

    • Bu ýerde ganyň suwuk bölegi kapillýarlardan kapsulalaryň içine syzylyp geçýär. (A. N. Kabanow, Adamyň Anatomiýasy we Fiziologiýasy)

  2. Bir zat duýulmak, aňylmak.

    • Howada diňe azajyk salkynlyk syzylýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ýagmyryň göwnüne öweziň jogabynda bir hili sowuklyk syzylýan ýaly boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)