[sy:rylmak]
seret süpürilmek
Bir zadyň ýüzüniň örtügi sypyrylyp aýrylmak.
Howanyň ýüzündäki goýy gara bulutlar syrylyp, ýagyş hem ýagmagyny goýupdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Päki bilen düýbünden kesilip arassalanmak. (saç, sakgal hakda).
Ýuwaşlyk bilen aşaklygyna inilmek, sypyp düşülmek.
Sary hem onuň yzy bilen ýapgytdan pese syrylyp düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gabyndan ýa-da gynyndan çykarylmak (gylyç, pyçak we ş. m. hakda).