syrmak işlik

[sy:rmak]

  1. seret süpürmek 1

    • Ýeňi bilen syranda ol ýaşyny, ýetdi gözlerime meniň-de elim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir zadyň ýüzüniň örtügini sypyryp aýyrmak.

    • Ol eýýäm ýaşmagyny hem syrypdyr, börügini hem kiçeldipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Päki bilen düýbünden kesip arassalamak (saç, sakgal hakda).

    • Sakgalymy bir syraýyn, ýogsam halys tüý basypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Pyçak gylyç ýaly zatlary gabyndan çykarmak.

    • Birnäçe ýyllardan bäri dulda asylgy duran gylyjyny syryp daş çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  5. Aýlanyp gezmek, ýörmek.

    • Olar ertir-agşam şol ýabyň boýuny syryp ýören ak eşeklije, daýaw we ak sakgal adama duş gelýändirler. (H. Ysmaýylow, Powestler)

çelpek syrmak

seret çelpek

deri syrmak

seret deri

gapy syrmak

seret gapy

ýüzüniň perdesini syrmak

seret ýüz1

  • Biziň kolhozymyza kast edip, malyna talaň salýanlaryň ýüzüniň perdesini syrjak ine şu hatdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)