syrkyratmak işlik

Syzladyp agyrtmak.

  • Şu melgun zähmetkeşiň süňküni syrkyradýar, demini-de gysdyrýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem syrkyratmak - syrkyradýar, syrkyradar, syrkyradypdyr.