syramak 1 işlik

Güýçli şemal zerarly sowrulmak, sowrulyp bir ýere üýşmek (gar, çäge we ş. m).

  • Gijeki syrap ýagan gar eremändi. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

syramak 2 işlik

Tikinleriň hatar arasyny ýakyn edip, arasyna zat salnan ýa-da salynmadyk matamy, zady tikmek.

  • Don syramak. Ýorgan syramak.


Duş gelýän formalary
  • syrady
  • syram
  • syrama
  • syramaga
  • syramagy
  • syramak
  • syran
  • syranda
  • syranlar
  • syransoň
  • syrany
  • syranyna
  • syranynda
  • syrap
  • syrar
  • syrarlar
  • syrarly
  • syrasy
  • syrasym
  • syraýardy
  • syraýsam
  • syraýsaň
  • syraýyn