syr syr at

Başgalara aýan bolmadyk pikir, başgalardan gizlin saklanýan zat, ýaşyryn zat.

  • Miçurin janly tebigatyň syrlaryny öwrenmek boýunça hut özüniň seçip alan ýoly bilen batyrgaý hereket etdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Men saňa bir syry aýtmaga mejbur bolýan. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Dostuňy egleme, nepden galmasyn, duşmanyň saklama syryň bilmesin. (nakyl)

syr bildirmek

Pikiriňi duýdurmak, äşgär etmek.

  • Ol näme-de bolsa syr bildirmediksirän bolup, tarsa ýerinden turdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • syr-da
  • syra
  • syrady
  • syram
  • syrda
  • syrdam
  • syrdan
  • syrdy
  • syrdygyna
  • syrdylar
  • syrdym
  • syrlar
  • syrlara
  • syrlarda
  • syrlardan
  • syrlary
  • syrlarym
  • syrlarymy
  • syrlarymyň
  • syrlaryna
  • syrlaryndan
  • syrlaryny
  • syrlarynyň
  • syrlaryň
  • syrlaryňy
  • syrly
  • syrlydy
  • syrlygyna
  • syrlygynda
  • syrlyk
  • syrlylygy
  • syrlylygyna
  • syrlylyk
  • syrmy
  • syry
  • syrydyr
  • syrym
  • syryma
  • syrymam
  • syrymy
  • syrymyz
  • syrymyzy
  • syrymyzyň
  • syryn
  • syryna
  • syrynam
  • syryndan
  • syryny
  • syrynyň
  • syrynyňam
  • syryň
  • syryňa
  • syryňy
  • syryňyzy
  • syrça