sypdyrmak işlik

  1. Tutup duran zadyňy goýbermek.

    • Bilmän, elimden ýüpi sypdyraýypdyryn.

  2. Halas etmek, goýbermek, boşatmak.

    • Tyçenko komissary sypdyryp bilse, ol özüniň heläkçiligini hiçbir zat hasap etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Haýsy-da bolsa bir zady ünsden düşürmek.

    • Bir-iki ýerde otur alamatyny hem sypdyrypdyryn. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

  4. Bir gizlin syry, gürrüňi aýtmasyz ýerinde aýdyp ile äşgär etmek.