sypamak işlik

[sy:pamak]

  1. Bir zadyň üstünde eliňi ýeňiljek ýöredip geçirmek, sypalamak.

    • Näzikjemal elindäki suwly bedresini ýere goýup, çalaran saçlaryny sypady-da Aýsoltana çiňerildi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Göçme manyda Mähribanlyk etmek, mylaýymlyk etmek.

    • Sylamaga puluň bolmasa, sypamaga diliň bolsun. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • sypady
  • sypady-da
  • sypadym
  • sypadyň
  • sypaly
  • sypalyň
  • sypamaga
  • sypamagy
  • sypamagyny
  • sypamak
  • sypamakçy
  • sypaman
  • sypan
  • sypanda
  • sypandan
  • sypandy
  • sypandygyna
  • sypandygyny
  • sypanlary
  • sypanlaryna
  • sypanlarynda
  • sypanlaryň
  • sypanlygy
  • sypanok
  • sypanokdy
  • sypansoň
  • sypany
  • sypanyna
  • sypanyny
  • sypanyň
  • sypap
  • sypapdyr
  • sypar
  • sypara
  • sypardan
  • sypardy
  • syparlar
  • syparmy
  • syparsyň
  • syparyn
  • sypasa
  • sypasy
  • sypasyn
  • sypaýan
  • sypaýandygyny
  • sypaýanlarynda
  • sypaýar
  • sypaýar-da
  • sypaýardy
  • sypaýarlar
  • sypaýdy
  • sypaýmaly
  • sypaýmasyn
  • sypaýmaz
  • sypaýsam
  • sypaýyn
  • sypaýyň
  • sypaýýar