synçylyk syn‧çy‧lyk

[sy:nçylyk]

Synçy bolmaklyk, synlamaga ökdelik.

  • Saryhanowda we Agahan Durdyýewde synçylyk zehini bar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Ahmedi Oraz han bilen gadyrly görüşdi, onuň neşebent sypatyna synçylyk bilen garady. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem synçylyk - synçylygy.


Duş gelýän formalary
  • synçylyga
  • synçylygy
  • synçylygyn
  • synçylygyna
  • synçylygyndan
  • synçylygyny
  • synçylygynyň
  • synçylygyň
  • synçylykda