symgylt sym‧gylt

Öçügsi gyzyl reňk, al.

  • Öýleriň arka tarapyndan hem symgylt ullakan goýunçy köpek zynjyryna böküp durýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Jaýlar asmanyň şu symgylt ýagtysynda has hem owadan görünýärdi. («Kolhoz günleri»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem symgylt - symgyldy.


Duş gelýän formalary
  • symgyltdan
  • symgyltdy