sylag at

[sy:lag]

  1. Birine edilýän, goýulýan hormat.

  2. Biriniň tapuwutly zähmeti we ş. m. üçin berilýän nyşan, gymmatbaha zat.

    • Är-aýal kolhozda oňat işläp, her ýylda sylag alýarlar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Aýtguly iň gowy demir ýolçulardan hasaplanyp, gyzyldan sagat sylag hem alypdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)