suw at

Wodorodyň we kislorodyň himiki birleşmesi bolan suwuklyk.

  • Organizmi günde, suwda we howada şonuň ýaly-da bedenterbiýe we sport işlerinde bişişdirmeklik göz agyry keselleriniň öňüni almakda ägirt uly ähmiýete eýedir. (S. K. Karanow, Beterlän iriňli göz agyry)

  • Suw getiren hem bir, küýze döwen hem. (nakyl)

  • Suw görmän, tamman çykarma. (nakyl)

  • At aýlanyp gazygyn tapar, suw aýlanyp -- ýarygyn. (nakyl)

  • Suw akar, daş galar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem suw - suwum, suwuň.

agzyňa suw alan ýaly bolmak

seret agyz

gara suw bolmak

Gaty derlemek, derläp, süllümbaý bolmak.

gözüň suw içmek

seret göz

  • Bu işden meniň gözüm suw içmeýär.

sesine suw sepilen ýaly bolmak

Sessiz-üýnsüz dymmak, ümsüm bolmak.

  • Onsoň ýaňkyja başlyklarymyzyň seslerine suw sepilen ýaly bolaýdy. («Tokmak» žurnaly)

suw ogurlamak (ýara hakda)

Içine iriň ýygnanmak, pakgarmak.

suw seňrikden agmak

Boljak iş bolup gutarmak.

  • Suw seňrikden agypdyr. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

suw urmak

Tamdyra ýapylan nanyň ýüzi güllemezlik üçin suw sepmek.

suw ýaly okamak

seret okamak

suwa salma etmek

Pugta ýençmek, urmak.

suwuna degmek

  1. Eden günäsi üçin birine pugta käýemek, ýüzüni gyzartmak, urmak, ýençmek.

    • Ol Geldiniň suwuna degmäge başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Men onuň suwuna degdim. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Seýislemek maksady bilen aty suwa ýakyp çapdyrmak.

üstünden gyzgyn suw guýlan ýaly bolmak

seret üst

  • Meniň üstümden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy, inim jigläp gitdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ýüregi suw üstünde

seret ýürek1