sust sust

  1. Içki hal-ýagdaý, hal-ahwal, ruh.

  2. Şähdi açyk däl, keýpi kök däl, göwni çökgün, ruhy öçük.

    • Keýpiň kökmi, ýaman sust gezip ýüzüňi sallaýarsyň-la?! («Tokmak» žurnaly)

    • Sust märekäni semawarçy söýmeýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem sust - sustum, sustuň.

sustuň basylmak

Ruhy taýdan özüňi pes duýmak, raýyň gaýtmak, badyň ýatmak, aljyramak.

  • Aýsoltanyň bu saparky garaşyndan Potdynyň susty basyldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Wolodýanyň öňkünden-de beter susty basyldy. («Mydam Taýýar» gazeti)

susty basyk

Keýpi kök däl, şähdi açyk däl.

  • Ol gamgyndy, susty basykdy. (M. Gorkiý, Ene)


Duş gelýän formalary
  • sustdy
  • sustluk
  • sustum
  • sustun
  • sustuny
  • sustuň
  • susty