susak

Suwuk önüm, nahar we ş. m. guýmak üçin ulanylýan uly agaç çemçe.

  • Nabadyň eli susagyň sapyny tutup durşuna doňan ýaly boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem susak - susagy.

susagyň sapyny ele almak

Bir zada hojaýyn bolmak, erk-ygtyýary ele almak.


Duş gelýän formalary
  • susaga
  • susagy
  • susagyna
  • susagyny
  • susagyň
  • susakda
  • susakdaky
  • susakdan
  • susaklar
  • susaklara
  • susaklary
  • susakly
  • susaklylar