surnukmak işlik

Gaty ýadamak, güýçden gaçmak, halys bolmak.

  • Görgülijikler aç-suwsuz surnugyp gidipdirler. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem surnukmak - surnugýar, surnugar, surnugypdyr.