sozmak işlik

  1. Bir zady çekip, ýenjip süýndürmek, uzaltmak, süýmek.

    • Işçileriň biri eliň aýasy ýaly galyňlykdaky demri awtomat çekijiň astynda sozýan bolsa beýlekisi onuň taýýarlan poladyny stanogyň agzyna berip durýar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  2. Uzaldyp, süýkdürip geplemek.

    • Ýogsam hem biziň elimizden çykan zadyň erbedi bolmaz! -- diýip sesini sozdy-da: -- Aňryňdaky suw çelege seret! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sozmak - sozdum, sozduň, sozupdyr.