sowurmak işlik

  1. Ýeliň ygyna berip, hapadan arassalamak (galla we ş. m. hakda).

    • Bugdaý sowurmak.

  2. Göçme manyda Biderek sowmak, bisarpa tutmak, tygşytsyz harçlamak.

    • Meniň gazanjymy ýele-yga sowurýarsyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Göçme manyda Biriniň üstüne bir zat ýagdyrmak, dökmek, serpmek.

    • Daňatar bir gysym gum alyp, öweziň üstüne sowurdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sowurmak - sowrar, sowrupdyr.

başyňdan gum sowurmak

seret baş 1

ot sowurmak

seret ot 2


Duş gelýän formalary
  • sowran
  • sowrandygyny
  • sowraryn
  • sowrubam
  • sowrup
  • sowurdy
  • sowurdyňyz
  • sowurma
  • sowurmaga
  • sowurmagy
  • sowurmagyny
  • sowurmak
  • sowurmaklygy
  • sowurmaly
  • sowurmalydyk
  • sowurman
  • sowurmazlygy
  • sowurmaň
  • sowursam
  • sowurýan
  • sowurýandygyny
  • sowurýar
  • sowurýardy
  • sowurýardylar
  • sowurýarlar
  • sowurýarsyň