sowulmak işlik

  1. Harçlanyp gutarylmak, sarp edilmek, harçlanmak.

    • Pul sowulmak.

  2. Bolup gutarmak, bolup geçmek (iş, waka we ş. m. hakda).

    • Gyş sowuldy, ýaz çykdy. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

    • Hyýar sowlandan soň ýeri täzeden bejerip kartoşka ekdik. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  3. Başga tarapa öwrülmek, ýoluňy, ugruňy üýtgetmek, aýlanyp geçmek.

    • Sizi we siziň okalgaňyzy göreýin diýip sowlaýdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sowulmak - sowlar, sowlupdyr.


Duş gelýän formalary
  • sowlalyň
  • sowlan
  • sowlana
  • sowlanam
  • sowlandan
  • sowlandygy
  • sowlandygyny
  • sowlandyr
  • sowlanlaryndan
  • sowlanlygy
  • sowlansoň
  • sowlany
  • sowlanyna
  • sowlanyny
  • sowlar
  • sowlarly
  • sowlaryna
  • sowlarys
  • sowlaýmagy
  • sowlaýsa
  • sowlaýyn
  • sowlubam
  • sowlup
  • sowlupdy
  • sowlupdylar
  • sowlupdym
  • sowlupdyr
  • sowluň
  • sowuldy
  • sowuldy-da
  • sowuldygy
  • sowuldygyň
  • sowuldyk
  • sowuldylar
  • sowuldym
  • sowuldym-da
  • sowuldyň
  • sowuljagyny
  • sowuljak
  • sowuljakdygyny
  • sowulma
  • sowulmady
  • sowulmady-da
  • sowulmadyk
  • sowulmadylar
  • sowulmadyň
  • sowulmaga
  • sowulmagy
  • sowulmagyna
  • sowulmagynda
  • sowulmagyndan
  • sowulmagyny
  • sowulmagynyň
  • sowulmagyň
  • sowulmajagy
  • sowulmajak
  • sowulmak
  • sowulmakdygyny
  • sowulmaklygy
  • sowulmakçy
  • sowulmalar
  • sowulmaly
  • sowulmalydygyny
  • sowulman
  • sowulmandy
  • sowulmandygy
  • sowulmandyr
  • sowulmasalar
  • sowulmasy
  • sowulmaz
  • sowulmazmy
  • sowulmaýan
  • sowulmaýar
  • sowulmaň
  • sowulsa
  • sowulsa-da
  • sowulsaňyz
  • sowulsyn
  • sowulýan
  • sowulýandygy
  • sowulýandygyna
  • sowulýandygyny
  • sowulýanlygy
  • sowulýanlygyny
  • sowulýança
  • sowulýar
  • sowulýardy
  • sowulýarlar