sowuklyk

  1. 0 derejeden aşak temperaturalylyk ýagdaý.

    • Meýdanyň sowuklygy gidip barýanlara täsir etmeýärdi.

  2. Ýylysy gaçmaklyk, sowamaklyk.

    • Ýenjilýän demir birnema sowuklyk edýärdi.

  3. Perwaýsyzlyk, parhsyzlyk, sowukganlylyk.

    • Onuň äheňi sowuklyk bilen ýylgyryşy oňa ýaramady. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Ýagmyryň göwnüne, Öweziň jogabynda bir hili sowuklyk syzylýan ýaly bolýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sowuklyk - sowuklygy.


Duş gelýän formalary
  • sowuklyga
  • sowuklygy
  • sowuklygyna
  • sowuklygyndan
  • sowuklygyny
  • sowuklygynyň
  • sowuklygyň
  • sowuklykdyr
  • sowuklyklar