sowmak sow‧mak işlik

  1. Harçlap gutarmak, sarp etmek, harçlamak.

    • Pulumyň hemmesini sowdum.

  2. Bir işi geçirmek, geçirip gutarmak.

    • Bar haýryny tap toýuňy sow! («Tokmak» žurnaly)

    • Toýumyzy sag-aman sowduk.

  3. Başga tarapa öwürmek, ugruny üýtgetmek.

    • Kakabaý sekiz sagatlap suwy öz ýerine sowýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ol bir zady ýadyna salýan ýaly, başyny bir gapdala sowdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sowmak - sowdum, sowduň, sowupdyr.

başdan sowmak

seret baş 1

gürrüňi başga tarapa sowmak

seret gürrüň

  • Myrat geläýse, dessine gürrüňi başga tarapa baka sowardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

möwsümini sowmak

seret möwsüm

  • Sen ýöne tizräk şunuň ugruna çyk, şunuň bir möwsümini sowaly! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýüz sowmak

seret ýüz 1

  • Uly agasy henize çenli menden ýüzüni sowup ýörýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • sowaly
  • sowalyň
  • sowan
  • sowana
  • sowanda
  • sowandan
  • sowandygyny
  • sowandyr
  • sowanlara
  • sowanlygy
  • sowanok
  • sowansoň
  • sowany
  • sowanyna
  • sowanyndan
  • sowanyny
  • sowanyň
  • sowanyňy
  • sowanyňyzyň
  • sowar
  • sowara
  • sowardy
  • sowardym
  • sowarlyk
  • sowarsyň
  • sowaryn
  • sowarys
  • sowasy
  • sowasyň
  • sowaý
  • sowaýan
  • sowaýdy
  • sowaýsa
  • sowdugym
  • sowdugyň
  • sowduk
  • sowdular
  • sowdum
  • sowduň
  • sowduňmy
  • sowdy
  • sowdy-da
  • sowgun
  • sowjagyny
  • sowjak
  • sowjaklaryny
  • sowma
  • sowmady
  • sowmaga
  • sowmagy
  • sowmagyň
  • sowmak
  • sowmakdan
  • sowmaklyga
  • sowmaklygyny
  • sowmaklyk
  • sowmakçy
  • sowmaly
  • sowmalydy
  • sowmalydygyny
  • sowmalyň
  • sowman
  • sowmanam
  • sowmany
  • sowmarys
  • sowmasy
  • sowmasyny
  • sowmaz
  • sowmazlygy
  • sowmazlyk
  • sowmaýanlygynda
  • sowmaýar
  • sowmaýardy
  • sowmaň
  • sowsa
  • sowsa-da
  • sowsak
  • sowsana
  • sowsaň
  • sowsun
  • sowup
  • sowupdy
  • sowupdyr
  • sowuň
  • sowýan
  • sowýandygyny
  • sowýar
  • sowýardy
  • sowýardylar
  • sowýarlar
  • sowýaryn
  • sowýarys