sowatmak işlik

  1. Gyzgyn zady sowuk etmek, temperaturasyny aşaklatmak.

    • Çagalara gaýnan suwy sowadyp aram-aram berip durmaly. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  2. Bir zada bolan höwesi gaçyrmak, birinden ýa-da bir zatdan göwni geçirmek, yhlasy peseltmek.

    • Bolgusyz gürrüňler onuň elini işden sowatdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sowatmak - sowadýar, sowadar, sowadypdyr.