sowamak işlik

  1. Sowuk düşüp başlamak.

  2. Temperatura peselip başlamak (howa hakynda).

    • Noýabr aýynyň girmegi bilen howa hem birden gaty sowap başlady. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  3. Gyzgyny gaçmak, temperatura aşak düşmek.

    • Aýu, ýörsene çaýyň sowady-la! («Tokmak» žurnaly)

  4. Bir zada bolan höwesi gaçmak, bir zatdan göwni geçmek, yhlasy peselmek.

    • Hi, şeýle-de bir öýden sowamak bolarmy? ! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gözeliň Çarydan bütinleý sowamagynyň sebäbi-de mundan üç-dört gün öň Çarynyň ejesi gelip, Gözeliň üstüne aýy ýaly topulypdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

gany sowamak

seret gan

  • Maralyň gany sowamandy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)