sorguç

[so:rguç]

Yzgary, öli, syýany özüne siňdirýän ýumşak kagyz, basgyç, syýabasgyç.

  • Çalymtyk sorgujyň üstüne daman syýa siňip gitdi. (N. Jumaýew, Ak derek)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sorguç - sorgujy.