soranjaňlyk

[so:ranjaňlyk]

Hemme zady bilmegi arzuw etmeklik, bilesigelijilik.

  • Çagalar ýaly şeýle soranjaňlygy bilen hemme zadyň aňyrsyna birden gözüni ýetiräýjek bolýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem soranjaňlyk - soranjaňlygy.