soramak işlik

[so:ramak]

  1. Bir zady bilmek üçin sorag bermek, sorag bilen birine ýüz tutmak.

    • Ol indi Artygy soramaga çalt-çaltdan gelýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Birinden bir zat almak ýa-da bermek üçin rugsat, ygtyýar almak.

    • Sorap berenden, urup ber. (nakyl)

ötünç soramak

seret ötünç

  • Ötünç soraýaryn, meni bagyşlaň! («Bahar»)