soralmak işlik

[so:ralmak]

  1. Sorag bilen birine ýüzlenilmek, sorag berilmek, sorag edilmek.

    • Dogry, menden soralanda, men hem siziň pikiriňizi gaýtaladym. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Weý, oglan, sen näme soralsa: -- Hawa -- diýip dursuň-la! («Tokmak» žurnaly)

  2. Bir zat almak ýa-da bermek üçin rugsat, ygtyýar alynmak.

  3. Jogapkärlik talap edilmek.

    • Senden bu zatlar soralmaz diýip pikir etme!