sorag at

[so:rag]

  1. Jogap talap edilip berilýän sowal.

    • Kolhozçylar ýerli-ýerden sorag bermäge başladylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ondan hiçbir soraga jogap ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Grammatikada: sowaly aňladýan, soragy görkezýän.

    • Sorag sözlemi. Sorag çalyşmasy. Sorag belgisi.

öliň soragyny soramak

Köp zat soramak, bir zat hakda çintgäp-çintgäp soramak.

sorag etmek

Bir zadyň anygyna ýetmek üçin sowal bermek.