soýulmak işlik

  1. Daşynyň gabygy we ş. m. aýrylmak, arassalanmak.

    • Agajyň gabygy soýlupdyr.

  2. Mal öldürilmek.

    • Täze soýlan toklynyň çekdirmesi-de gelip ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Göçme manyda seret talanmak

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem soýulmak - soýlar, soýlupdyr.