soýmak işlik

  1. Daşynyň gabygyny aýyrmak, arassalamak.

    • Maňa gabyk soýmaga kömekleş! («Mydam taýýar» gazeti)

  2. Sypjyrmak, ýaralamak.

  3. Mal öldürmek.

    • Durdy çopan sürä baryp, ozaldan et üçin niýetläp ýörlen goýunlardan birini tutup soýupdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Il oňlasa, atyňy soý. (nakyl)

  4. Göçme manyda Talap horlamak, talamak.

    • Ençeme illeri soýan, gelinleri ýarsyz goýan, ýürekleri oda çoýan, gitlere näletler bolsun. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem soýmak - soýdum, soýduň, soýupdyr.


Duş gelýän formalary
  • soýalyň
  • soýan
  • soýanda
  • soýany
  • soýanyň
  • soýar
  • soýarlarmy
  • soýarsyňyz
  • soýaryma
  • soýaryn
  • soýarys
  • soýaýmasyn
  • soýaýyn
  • soýaýynmy
  • soýaýyň
  • soýduk
  • soýdular
  • soýdum
  • soýdur
  • soýdy
  • soýjak
  • soýjakdym
  • soýmadyň
  • soýmaga
  • soýmaga-da
  • soýmagy
  • soýmagymy
  • soýmagyň
  • soýmak
  • soýmakda
  • soýmakdan
  • soýmaklygy
  • soýmaklygyň
  • soýmaly
  • soýman
  • soýmasam
  • soýmasaň
  • soýmazdan
  • soýmazdylar
  • soýmaň
  • soýsa
  • soýsalar
  • soýsam
  • soýsana
  • soýsun
  • soýsunlar
  • soýup
  • soýupdyr
  • soýupdyr-da
  • soýuň
  • soýýan
  • soýýanlardan
  • soýýanlygym
  • soýýar
  • soýýardy
  • soýýardym
  • soýýarlar