soýdurmak işlik

  1. Daşynyň gabygyny aýyrtmak, arassalatmak.

    • Myratjyk gamyş soýduryp, tüýdük etdirdi.

  2. Tenini sypjyrtmak, ýaralatmak.

    • Garly ussa hem özüniň çöwşi gazyga büdräp dyzyny, buduny soýduranyny gürrüň etdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  3. Mal öldürtmek.

    • Geçimizi soýdurdyk.

  4. Nähak ýere puluňy, zadyňy we ş. m. aldyrmak, talatmak.