sifr

  1. San görkezýän bölek.

    • Biziň häzir peýdalanýan sifrlerimiz Araplardan alnypdyr. (Orta asyrlar taryhy)

    • Adamlar onyň ýüzündäki ýönekeýje poçerk bilen ýazylan adam atlaryny, sifrleri gaýta-gaýta okaýarlar. («Ýaş Kommunist» gazeti)

    • Arap sifrleri (1, 2, 3, 4, 5 we ş. m.). Rim sifrleri (I, II, III, IV, V, X we ş. m.).

  2. San bilen aňladylýan zadyň görkezijisi, jem, san.

    • Tutuş sifri aýtmak.


Duş gelýän formalary
  • sifre
  • sifri
  • sifriniň
  • sifriň
  • sifrler
  • sifrlerde
  • sifrlerden
  • sifrleri
  • sifrlerimiz
  • sifrlerinde
  • sifrlerinden
  • sifrleriniň
  • sifrleýin
  • sifrli