siňek

Zoologiýa Köplenç hapa ýerlerde bolýan iki ganatlyja zyýanly jandar.

  • Lineýkaly elini töweregine galgadyp siňekleri kowdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Gulagyň garny bolmaz, siňegiň -- erni. (nakyl)

  • Siňek hem öl ýere gonar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem siňek - siňegi.

agzyňa siňek gonduryp ýörmek

seret agyz

  • Ol meni agzyna siňek gonduryp ýören bir nalajedeýin diýip hasaplaýarmyka?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)