setir

  1. Bir zadyň tertipli hatary.

    • Setirleri örän göni, men aýlanyp gördüm ony, deň gögeren gowaçany. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir çyzykdan ýazylan hat, ýazgy ýa-da başga bellikleriň hatary.

    • Komissar kagyz-galamyna ýapyşyp çalasynlyk bilen ýene birnäçe setir ýazdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)