ses at

  1. Howa bölejikleriniň ýa-da başga zatlaryň eşidilýän çalt yrgyldyly hereketi, tokuş.

    • Duralgada manýowr edýän parowozuň şakyrdysyndan başga ses eşidilmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Ses perdeleriniň titremegi netijesinde emele gelýän ynsanyýet gepleşiginiň aýdyň we düşnükli elementi, gelýän owaz, tokuş.

çakyr ses

Ýiti çykýan ýakymsyz ses, labyzsyz ötgür ses.

dodak sesleri

Dodaklaryň gatnaşmagy bilen hasyl bolýan sesler (o, ö, u, ü, p, b we ş. m.).

dymyk ses

Owaz gatyşmazdan diňe agyz içinde galmagaldan emele gelýän çekimsiz ses (k, p, t, ç, s, ş, h, f we ş. m. ).

maslahatçy ses

Bir meseläni çözmeklige däl-de, ara alyp maslahatlaşmaklyga hukugy bar bolan ses.

ses bermek

  1. Biriniň pikirine goşulmak, biriniň pikiri bilen razylaşmak, seslenmek.

  2. Geçirilýän saýlawlarda: öz goluňy galdyryp graždanlyk hukugyňy berjaý etmek, saýlamak.

    • Watanymyzyň iň gowy ogullaryna we gyzlaryna ir adam ýaly bolup öz sesimizi bereliň! ;.

  3. Çagyrylanyňda, gygyrylanyňda öz barlygyňy bildirmek, seslenmek.

ses etmek

  1. Ýas tutup aglamak.

  2. Ses çykarmak, seslenmek.

    • Çalaja öwüsýän ýaz şemaly agaçlaryň ter ýapraklaryny şygyrdadyp, bir enaýy ses edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ses ýarçygy

Öýkenden çykýan howanyň owaz perdesini titredýän ýeri.

sese goýmak

Ýygnakda we ş. m. bir mesele barada çykarylan karary makullatmak üçin gol galdyrtmak.

  • Pökgen meseläni sese goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

sesiňi gapmak

Sesiňi kesmek, geplemegi bes etmek.