serişde

[seri:şde]

  1. Bir işi amala aşyrmak üçin gerekli gural, enjam.

    • Adamlaryň biri-birleri bilen gatnaşmak serişdesi hökmünde adam gepleşigi peýda bolupdyr. (Gadymy dünýä taryhy)

  2. Pul, maýa.

    • Sowet döwleti köp çagaly enelere örän köp serişde goýberýär. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Sowet hökümeti sport işine her ýylda kän serişde goýberýär. («Pioner» žurnaly)