serhet

Territoriýalar arasyndaky bölünişik liniýasy, araçäk, çäk.

  • Şu gyzyl çyzmyk hem brigadalaryň serhedidir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Hüşgärlik hem agzybirlik bolsa, mukaddes serhedimize duşman hiç wagt aýak basyp bilmez. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem serhet - serhedi.