seretmek işlik

  1. Birine ýa-da bir zada bakmak, garamak, gözlemek, äňetmek.

    • Ol şol tekepbir garaýşy bilen adamlara seretdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Seret, kakasy, tüweleme, oglumyz-a adam bolaýypdyr! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Birine ýa-da bir zada garaşyk etmek, idetmek, äňetmek.

    • Daň bilen turup çaý-nahar ugruna çykdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Bir zadyň anygyna ýetmek üçin bir işe garamak, barlap görmek.

    • Işe seretmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem seretmek - seredýär, sereder, seredipdir.