seretdirmek işlik

  1. Birine ýa-da bir zada bakdyrmak, garatmak, gözletmek, äňetdirmek.

    • Hemmeleri seretdirýär özüne, ýüregniň aýnasy güler ýüzüne. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Birine ýa-da bir zada garaşyk etdirmek, idetdirmek.

    • Çagalaryňa seretdirmek.

  3. Bir zadyň anygyna ýetmek üçin borladyp gördürmek, bir işe garatmak.

    • Doktora seretdirmek.