sere1

Külbike bilen süýem barmagyň ýa-da başam barmak bilen süýem barmagyň gerlen aralygy we şoňa barabar bolan uzynlyk ölçegi.

  • Onuň içki geýiminiň gonjunyň agzyndaky bir sere bejergisi görünýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Boýy bir sere, sakgaly iki sere. («Mydam Taýýar» gazeti)

sere2

Gowy, saý, baş.

  • Olar altyny gyzlaryň seresi diýip hasaplaýardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Gaýtalamak okuwyň seresidir diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. («Pioner» žurnaly)